Alym bolsañ senden habar alaýyn, Ne minnetdir kaýdadygy bilinmez? Habar ber soraýyn genji hazyna, Pakyrdamy baýdadygy bilinmez. Ne kirişdir bent olupdyr kemana, Kaýsy gün goparmyş ahyrzamana, Ne sebäpden gark bolupdyr ummana, Kenardamy, saýdadygy bilinmez? Ne göwher ne erde ýatyr kem baha, Niçik esbat etmiş suraýy taha, Kerki çopan bile eymeniç ajdarxa, Başy seññer, oýdadygy bilinmez. Ol ne guşdyr oturguşly, simkeşli, Alty müñ ganatly, elli müñ başly, Atasy kyrkynda, ogly ýüz ýaşly, Toýdadygy, ýasdadygy bilinmez? Ol nedir kim tört ýanynda ýüzi bar, Ol nedir kim synasynda gözi bar, Bir kelamdyr üç ýüz altmyş sözi bar, Erde gökde nirdedigi bilinmez? Ol nedir kim eñi bar-da ardy ýok, Ol nedir kim gonar, göçer ýurdy ýok, Hasap edip görsem ene dördi ýok, Ne mekanda, kaýdadygy bilinmez? Magtymguly üç müñ üç ýüzi dursun, Dört müñ dört ýüz kyrk dört sapasyn sürsün, Her kim ussat bolsa jogabyn bersin, Dört dalyñ bir zidedigi bilinmez.